Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasyny makullady.
Bu taslamany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow geçen anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Üç ýyllyk möhlete niýetlenen bu resminamada özara söwdanyň haryt dolanyşygyny giňeltmegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlary gurşalyp alyndy.
Senagat, energetika, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, maliýe we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Türkmen Lideri bilelikdäki Hökümetara toparyň netijeli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm orny barada aýdyp, yzygiderli işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belledi.