Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşykda owgan tarapyndan Hyrat, Badhyz, Jowuzjan we Farýab welaýatlarynyň häkimleri, türkmen tarapyndan bolsa Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda TOPH we TOP taslamalaryň, Turgundy-Hyrat demirýolunyň, iki ýurduň degişli welaýatlarynyň häkimlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi.
Owgan tarapy Türkmenistanyň serhetýaka welaýatlarynda owgan banklarynyň biriniň şahamçasyny, Saglyk öýüni açmak, ammarlary, mekdepleri gurmak, şeýle hem guradylan miweleriň sergisini, sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça teklipleri orta atdy.