Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçiren duşuşygynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşiklerde Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Şertnamanyň tarapdary bolmak bilen, ony hyzmatdaş döwletler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda kämilleşdirmek boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýar. Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek hakynda ara alyp maslahatlaşmalara başlamak baradaky karar 2017-nji ýylyň noýabrynda EH-niň Aşgabat maslahatynda kabul edildi.
Maýa goýum we maliýeleşdirmek, durnukly ösüş we hukuk meseleleri EH-niň Şertnamasyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň arasynda. Bu duşuşykda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmeginiň Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan maksatlar bilen sazlaşdyrylmagy boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi.