ABŞ Merkezi Aziýada 39 million dollarlyk býujetli täze energetika maksatnamasyny işe girizdi

ABŞ Merkezi Aziýada 39 million dollarlyk býujetli täze energetika maksatnamasyny işe girizdi

Halkara ösüş boýunça ABŞ-nyň agentligi (USAID) Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministrligi bilen bilelikde Täjigistanda «USAID – Merkezi Aziýanyň energetikasy» atly 39 million dollarlyk býujetli täze bäşýyllyk energetika sebit maksatnamasyny işe girizdi diýip, ABŞ-nyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.

«Maksatnama Merkezi Aziýanyň bäş döwletine — Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana ileri tutulýan energetiki maksatlaryna ýetmekde, energiýa serişdeleriniň serhetara söwdasyndan ykdysady bähbitleri almakda we sebit utgaşyklylygnyň hasabyna energetika howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmakda ýardam eder» diýlip habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, USAID milli we sebit energetika bazarlarynyň özgertmelerini goldaýar, sebit elektroenergiýa bazaryny berkidýär we däp bolan hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde «arassa» energetika tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär.

«Merkezi Aziýanyň energetikasy» taslamasynyň çäginde USAID ýerli hünärmenleriň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin ýerli ýerli we sebit hyzmatdaşlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eder.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993