«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» ýatagyndaky guýulary düýpli abatlamak boýunça kärhanasynda öndürijiligi peselen nebit guýularyny abatlamak we olary hereket edýän guýularyň hataryna goşmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.
Işçiler ýylyň başyndan bäri, bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Geçen döwürde kärhana boýunça 85 sany guýy abatlanyldy we uglewodorod çig malynyň goşmaça akymy alyndy. Netijede, gaýtadan ulanyşa girizilen guýudan goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 18 müň 231 tonna barabar boldy.