Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşliginde belledi.
Prezidentiň belleýşi ýaly, şol serişdeleriň 66,6 göterimi, ýagny 140 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2891-si ulanylmaga berildi.
Bu gün ýangyç-energetika toplumyny nazara almanyňda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy 70 göterime ýetdi.
Dünýäde emele gelen ýaramaz ýagdaýa garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça biz jemi içerki önümiň ösüşini 5,9 göterim derejede üpjün etdik.
Türkmenistan jemi içerki önüminiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen maksatnamalar amala aşyryldy. Bu gün biz ýurdumyzda täze senagat düzümine esaslanan jemgyýeti döretmegiň ýoly bilen öňe barýarys.
Şonuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň energetika, ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe–bank ulgamy ýaly, beýleki strategik ugurlaryny hem ösdürýäris.
Döwletiň kuwwatly durmuş syýasaty biziň ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzda her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.
Ykdysadyýetiň strategik pudagy — ýangyç-energetika toplumy düýpli özgerdildi. Türkmenistandan Hytaýa, Eýrana gaz geçirijiler çekildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depgin bilen dowam edýär. Energiýa çig malyndan başga Türkmenistan halkara bazarlara ekologiýa taýdan arassa benzini we dizel ýangyjyny, motor ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy hem-de beýleki ýangyç-çalgy serişdelerini, elektrik energiýasyny ugradýar.
Ýurdumyzda kuwwatly dokma senagaty döredildi, onuň önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşýär. Azyk howpsuzlygy gazanyldy. Okgunly ylmy-tehnologik ösüş üçin şertler döredildi.
Ýeriň ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, dünýä ölçeglerine laýyklykda, aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamyny ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler peýda boldy. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny giňden sanlylaşdyrmak işi batly depginde dowam edýär — diýip, türkmen Lideri belledi.