Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy

“Mir” döwletara teleradiokompaniýasy, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine berýän goldawy, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza gowşuryldy.

Media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri — “Mir” döwletara teleradiokompaniýasy umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredildi.

Türkmenistan “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna millionlarça tomaşaçylary bolan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän öňdebaryjy teleradiokompaniýalaryň biri hökmünde garaýar diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.

2020-nji ýylyň noýabrynda meşhur teleradiokompaniýanyň ýolbaşçysy — “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.I.Batyrşin bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Habarlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993