Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşygyň barşynda häzirki bar bolan taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Hususan-da, energiýa howpsuzlygy ulgamynda, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde energiýa durnuklylygy boýunça başlangyçlary işläp taýýarlamakda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ulag durnuklylygy agzalyp geçildi. “Gündogar-Günbatar” geçelgesiniň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar bilen bagly pikir alyşmalar boldy.
Taraplar häzirki wagtdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine seretdiler, şeýle-de öňde duran döwür üçin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ekologiýa, maglumat howpsuzlygy we beýleki ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak bilen bir hatarda, häzirki zamanyň sebit hem-de halkara derejelerdäki howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde ysnyşykly gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda Ilçi Jon MakGregor türkmen tarapyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.