«Galkynyş» käninde guýulary berkitmek we sementlemek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar

«Galkynyş» käninde guýulary berkitmek we sementlemek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň tamponaž müdirliginiň hünärmenleri guýulary berkitmek we sementlemek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, duz-kislotaly işläp taýýarlamak işinde baý tejribe hem-de gymmatlyk başarnyklary edindiler. 2021-nji ýylyň dört aýynda müdirligiň burawçylary 9 mln 906 müň manatlyk sement işlerini ýerine ýetirdiler.

Şu ýylyň başyndan bäri «Galkynyş» käninde müdirligiň gazçylary tarapyndan № 283 guýuda turbalary sementlemek we berkitmek boýunça işler üstünlikli amala aşyryldy. Şol kände plastlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen № 203, 205, 310 guýularda duz-kislotaly işläp taýýarlama işleri üstünlikli ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda «Kerwen» ýatagyndaky №1 guýuda müdirligiň gazçylary turbalary sementleýji ergin bilen berkitmegi meýilleşdirýärler.

Guýulary sementlemek işi olarda gurnama işleriniň ähli tapgyrlarynda düýpli ünsi talap edýän çylşyrymly wezipedir. Hünärmenleriň ýokary hünär taýýarlygy we döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy netijesinde tamponaž müdirligi öňde goýlan önümçilik wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Müdirligiň ygtyýarynda alty sany ýokary tehnologik sementleýji desgalar bolup, olar guýulary sementlemek we berkitmek ulgamynda hyzmatlaryň giň toplumyny hödürlemäge ýardam edýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993