Türkmen tarapy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin köpmeýilli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde 24-nji Peterburg Halkara ykdysady forumynynyň çäginde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş saparyna ýolbaşçylyk etdi. Forumyň çäklerinde wise-premýer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen tarapyndan başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň Rus tarapyndan başlygy A.L.Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň we onuň usullarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Ulag, energiýa, senagat, sanlylaşdyrmak, saglygy goraýyş, maliýe we beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda dolanyşygyň möçberiniň durnukly ösüşi bellenildi.
Şeýle-de S.G.Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşygy boldy. Şeýle-de forumyň çäklerinde S.G.Berdimuhamedow «Объединенная судостроительная корпорация» (Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy) paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory A.L.Rahmanow bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň barşynda özüniň ulag ulgamyny dünýäniň ulag toruna birleşdirmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi nygtaldy. Häzirki zaman deňiz söwda flotyny döretmek bilen bir hatarda, Türkmenistan deňiz we derýa ulaglary ulgamyny kämilleşdirmäge ymtylýar. Şu nukdaýnazardan, agzalan ugurda baý iş tejribä eýe bolan “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça türkmen tarapynyň gyzyklanmasy tassyklanyldy.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň birnäçe rus korporasiýalary, maliýe we bank edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy.