Mary-Türkmenabat ýolunyň ugrunda AÝGB abatlanylyp işe girizildi

19:07 09.06.2021 1055

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2355/original-160c060d783ce7.jpeg

TNGIZT-niň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhnasynyň hünärmenleri Mary-Türkmenabat şäherara ýolunyň ugrunda ýerleşen №191 belgili AÝGB-ni abatlap, işe girizdiler.

Beketde gurluşyk-gurnama işlerini «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň №7 gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Bu AÝGB-de täze, döwrebap ýangyç-paýlaýjy kolonkalar hem-de enjamlar oturdyldy. Şäherara ýolunyň ugrunda ýerleşen bekediň diňe bir ýangyç bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatlaryň giň toplumyny hem hödürleýändigini belläp geçmelidiris.

Bu ýerde nagt hasaplaşyklar bilen bir hatarda, elektron kartlaryň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklar hem ýola goýuldy. Hasaplaşyklaryň bu görnüşi hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, müşderiler üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Köpugurly, ýokary tehnologik hyzmatlary hödürleýän bu AÝGB bir günde 650 awtomobile hyzmat etmäge ukyply. Sarp edijiler üçin benziniň we dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. AÝBG hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak babatda elmydama iş alyp barýar.

Häzirki wagtda kärhananyň düzüminde awtomobillere ýangyç guýujy 15 sany beket hereket edip, olaryň aglabasy esasy awtomobil ýollarynyň ugrunda ýerleşendir.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


15f73033b57900.jpeg
Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek boýunça öňdeligi saklaýar

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gaz eksportunyň göwrümi boýunça birinji orunda durýar, bu barada hytaý gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen Interfaks habar berýär.


15fa3a9161a093.jpeg
Nebitgaz toplumynyň talyplary nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyrýarlar

Şu günler Daşoguz welaýat häkimliginiň №2 hünär mekdebiniň talyplary «Daşoguzgazçykaryş», «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliklerinde, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynda we welaýatyň nebitgaz toplumynyň beýleki önümçilik edaralarynda nazary bilimler bilen bir hatarda önümçilik başarnyklaryny hem berkidýärler.


15f3b64dcbb423.jpeg
OPEC+ ýurtlary iýul aýynda nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşygy 95% ýerine ýetirdiler

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygyny ýerine ýetirmegiň derejesi iýul aýynda 95%-e ýetdi. Iýunda bu görkeziji 107% boldy. Şeýlelikde, guramanyň döwletleri iýulda bazardan 9,2 mln b/g nebit azaldyp, ylalaşygy 0,5 mln b/g amal etmediler. Bu netijeleri OPEC+ tehniki geňeşi duşenbe güni getirdi, diýip TASS belleýär.