«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümleri plastik turbalaryň kömegi bilen abatlanylan nebitgaz guýularyny ulanyşa bermek boýunça işleri ýokary depginde alyp barýarlar.
Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde bu işleriň çäklerinde «Nebitgazçykaryş» kärhanasy boýunça 270 sany guýy abatlanylyp, ulanyşa girizildi. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 36 guýy artykdyr.
Öndürijiligi peselen guýulary çägeden arassalamak, sorujylary ýuwmak arkaly abatlamak işleri uglewodorod çig malynyň çykarylýan göwrümini artdyrmak boýunça işleriň möhüm bölegidir.
Häzirki wagtda hünärmenler ýene-de 20 sany guýuda dikeldiş işlerini geçirýärler.