Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de hyzmatdaşlygyň ileru tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de hyzmatdaşlygyň ileru tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine sapar amala aşyrdy.

Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde geçirilýän üç günlük gepleşikleriň barşynda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşarlar.

Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň oktýabrynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisinde Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän we şol sanda türkmen tarapynyň hem işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutulýan «EKSPO-2020» halkara sergisine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Şol duşuşykda Türkmenistanyň energetika we infrastruktura taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy bellenildi.

Taraplar şeýle hem Ýaşyl ykdysadyýetiň ähmiýetini nygtap geçdiler hem-de durnukly energiýany peýdalanmak, innowasion tehnologiýalary ilerletmek we dikeldilýän energetika ulgamynda bilermenleriň başarnyklaryny ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan  Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) çäklerinde özar agatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmasyny beýan etdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993