Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna 99,91 mln dollar maýa goýar

Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna 99,91 mln dollar maýa goýar

Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümeti bilen 99,91 million dollarlyk iki sany maýa goýum Ähtnamalaryna gol çekişdiler. Bu barada BAE-niň habar beriş serişdeleri habar berilýär.

Resminamalara laýyklykda, Jebelde (Balkan welaýatynda) sagatda 100 ýolagçy kabul etmäge mümkinçiligi bolan howa menzilini we bahasy 25 million dollara deň bolan alternatiw energiýa taslamasynyň maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Möhüm resminamalara Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň baş müdiri Muhammet Saif Al Suwaidi tarapyndan gol çekildi. Gol çekişlik dabarasyna wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow we iki ýurduň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Iki şertnama Türkmenistanda infrastrukturany ösdürmäge we ýurtda ykdysady ösüşe, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we durnukly ösüşe goşant goşjak taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

2021-nji ýylyň fewral aýynda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy dürli ugurlarda, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri we howa ulagy ulgamlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen özara düşünişmek hakynda üç sany Ähtnama gol çekdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993