TNGIZT Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn alar

TNGIZT Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn alar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn almagy göz öňünde tutýar. Degişli resminama anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

«Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çig nebiti satyn almagy hakyndaky» Kararyň taslamasyny wise-premýer Ş.Abdrahmanow Döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Ýazda Türkmenistanyň Prezidenti nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleriň doly derejede işledilmeýändigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda TNGIZT-niň kuwwatlyklary her ýylda 10 mln tonna çig nebiti gaýtadam işlemäge mümkinçilik berýär. Zawodda öndürilýän önümleriň hatarynda — awtobenzin, awiasion we tehniki kerosin, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, bitum we beýlekiler bar.

Zawodyň önümleri içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlara hem üstünlikli eksport edilýär. Hususan-da, önümler Owganystana, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaýa, Türkiýä, Pakistana, Russiýa, Ýaponiýa we beýleki ýurtlara iberilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993