«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň bäş aýynda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar. 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda tebigy gazyň önümçiligi 5,1 mlrd kub metre barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 140%-e deň boldy.
Diňe geçen aýda «mawy ýangyjyň» önümçiligi 907 mln kub metre deň boldy.
Hasabat döwründe kärhanada 20,7 müň tonnadan gowrak gaz kondensaty öndürildi.
Mundan başga-da, kärhananyň işgärleri tarapyndan hereketde bolmadyk 17 sany guýy abatlanyldy, netijede, tebigy gazyň goşmaça çykarylyşy üpjün edildi. Şular ýaly işler Malaý, Kerpiçli, Kükürtli we beýleki ýataklarda hem ýerine ýetirilýär.