Zergär nebit önümleri kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri tamamlanýar

Zergär nebit önümleri kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri tamamlanýar

Türkmenabadyň nebit önümleri kärhanasynyň Zergärde ýerleşen iri şahamçalarynyň birinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Abatlaýyş işlerini «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Lebap welaýatynda gurluşyk we abatlaýyş boýunça hojalyk hasaplaşygyndaky müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirýärler.

Zergär nebit önümlerini saklamak we ibermek üçin kuwwatly rezerwuar parkyna, şeýle hem inženerçilik ulgamyna eýedir. Nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ibermek boýunça işleriň ählisi häzirki zaman tehnik we ekologik talaplara laýyk gelýär, şeýle hem ýangyn howpsuzlyk hem-de arassaçylyk, zähmetiň howpsuz şertlerine jogap berýär.

Häzirki wagtda bu ýerde kömekçi hem-de önümçilik binalarynyň abatlaýyş işleri ýokary depginde alnyp barylýar, şeýle hem çalgy ýaglaryny we ýangyç saklamak üçin dik çanlaryň gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Müdirligiň hünärmenleri ýokary hünär taýarlygy we operatiwligi bilen tapawutlanýarlar.

Meýilnama laýyklykda, Zergär şahamçasynda umumy göwrümi 10,4 müň kub metr bolan 10 sany çanyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu günki güne çenli işleri esasy bölegi ýerine ýetirildi. Asfaltlaşdyrylan çägiň jemi meýdany 2,4 müň içedördül metre barabar, germewler abatlanyldy, yşyklandyryjylar oturdyldy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dürli görnüşli nebit önümlerini kärhana iberýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993