«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahataşyldy
22:00 17.06.2021 3629
Çarşenbe güni «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býuronyň Baş direktorynyň orunbasary, ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda mejlisi açyp, bu formatyň döwletleriniň arasynda howpsuzlyk, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmek bilen bir hatarda, özara hereketleriň giň toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Mejlisiň barşynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň soňky mejlisinden bäri amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine syn berildi. Dialogyň täze konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şeýle-de öňde boljak “MA + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň meýilnamasynyň we gün tertibiniň taslamalaryna seredildi. Mejlise gatnaşyjylar Dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly öz garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew öz çykyşynda Dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmasyny tassyklady. Ol bilelikdäki hereketlere syn berdi we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda, ykdysadyýeti dikeltmek boýunça özara gatnaşyklary berkitmekde we pandemiýanyň jemgyýetçilik-ykdysady täsirlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny belledi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary “MA + Ýaponiýa” Dialogynyň indiki Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gün tertibinde görkezilen türkmen tarapynyň ozal yglan eden başlangyçlaryny ýatlatdy.
Hususan-da, Türkmenistanyň MA döwletleri bilen Ýaponiýanyň arasynda howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar we sanlylaşdyrmak, ykdysady gatnaşyklar, söwda, maýa goýum, aragatnaşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Howpsuzlyk barada aýdylanda bolsa, onuň bitewülik ýörelgesine eýermek bilen, Türkmenistan häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalara goşulmagyň möhümdigine ynam bildirýär.
Türkmen tarapy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ykdysadyýetiň dekarbonizasiýasy, ýokary hilli ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek babatda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagy goldaýar.
Şu nukdaýnazardan, maýa goýum we maliýeleşdirmegiň meselelerini öwrenmegiň möhümdigi bellenildi. Ekologik düzümi göz öňünde tutup, häzirki zaman ýokary tehnologiýalary döretmek boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.
Şu we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meselelere “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň öňde boljak mejlisinde serediler.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy
15-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
OPEC gaznasy Türkmenistana 45 million dollar karz bermekligi tassyklady
OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Şolardan 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesi Türkmenistana bölünip berler. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 1550 dollara bardy
Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň gowşak goşandy, bäsdeşlik edýän bazarlarda bahalaryň ýokarlanmagy we sebitde öň çaklanylyşyndan has sowuk howa garaşylmagy netijesinde Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy çarşenbe güni, 15-nji dekabrda söwdalaryň açylmagy bilen ýokarlanmagyny dowam etdi diýip, Interfaks belleýär.
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy iň iri iberiji ýurt bolmagynda galýar
Şu ýylyň başyndan bäri Hytaýa gaz iberiji iň iri ýurt Türkmenistandyr diýip, Interfaks agentligi HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.