OPEC+ ýurtlary tehniki mejlisde nebit bazaryndaky ýagdaýy maslahatlaşdylar

OPEC+ ýurtlary tehniki mejlisde nebit bazaryndaky ýagdaýy maslahatlaşdylar

OPEC+ ýurtlary penşenbe güni wiseomaslahat görnüşinda geçirilen tehniki mejlisde nebit bazaryndaky ýagdaýy maslahatlaşdylar diýip guramanyň habarynda aýdylýar.

«Bu günki mejlis nebite bolan islegi we teklibi bahalandyrmaklyga, bazar deňagramlylygyna, COVID-19 bilen bagly nebit bazaryndaky ýagdaýa, şeýle hem OPEC+ ylalaşygynyň kararlarynyň dünýäniň nebit bazaryndaky durnuklylygy we deňagramlylygy dikeltmäge täsirini seljermäge bagyşlanyldy» - diýlip, OPEC-iň habarynda aýdylýar.

OPEC-iň baş sekretary Mohammed Barkindonyň aýtmagyna görä, tehniki mejlis nebit ylalaşygyna gatnaşýan OPEC+ ýurtlaryna tehniki meseleleri maslahatlaşmaga we dünýäniň nebit bazarynyň öňünde duran meseleler baradaky maglumatlar bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär diýip, INTERFAKS habar berýär.

«Men OPEC+ ylalaşygyna gatnaşýan agza ýurtlaryň ählisini bu günki gün gazanylan oňyn depgini saklamaga, bilelikdäki çözgütlerimiziň öz wagtynda we doly berjaý edilmegine çagyrýaryn» diýip Barkindo aýtdy.

«Jogapkärçilikli we netijeli tagallalarymyz arkaly biz pudaga hasal ediş labyryny berdik» diýip ol belledi.

OPEC+ ýurtlarynyň tehniki mejlisi nebit bazaryndaky ýagdaýy maslahatlaşmak we energetika toplumy bilen bagly dürli tehniki meseleler boýunça pikir alyşmak üçin ýylda iki gezek geçirilýär.

Penşenbe güni tehniki mejlis 29-njy we 30-njy iýuna meýilleşdirilen Tehniki gözegçilik komitetiň mejlisiniň we Ministrler gözegçilik komietiniň mejlisleriniň, şeýle hem OPEC+ ýurtlarynyň 1-nji iýulda meýilleşdirilen ministrleriň duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993