«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň hünärmenleri gaz geçirijilere tehniki ideg etmek, olary geçirmek we abatlamak boýunça işleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda trestiň hünärmenleriniň esasy tagallalary Merkezi Garagum – Zäkli – Derweze gazkondensatly kände jemlenýär.
№8 gurluşyk-gurnama meýdançasynda 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan 720 mm-lik diametrli turbalarda kebşirleme işleri ýerine ýetirildi.
Bu gurluşyk edarasynyň işgärleri TOPH transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynda uly möçberli işleri ýerine ýetirip, onuň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýarlar.