Prezident «Türkmengeologiýa» DK ýurt boýunça geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Prezident «Türkmengeologiýa» DK ýurt boýunça geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň gözlegine gönükdirilen işleri geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzir “gara altyny” çykarmak işleri, esasan, günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli nebit gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu işleri ýerine ýetirmek üçin halkara bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňiji saýlanyp alyndy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilişini artdyrmagyň, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze, geljegi uly ýataklary gözläp tapmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň möhüm wezipedigini aýtdy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Hazarýaka zolakda geologiýa-gözleg, geofizika barlaglaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu barlaglaryň täze sanly tehnologiýalary, döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993