Gurbanguly Berdimuhamedow: energetika türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr

Gurbanguly Berdimuhamedow: energetika türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr

Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup energetika çykyş edýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen duşenbe güni geçiren gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda belläp geçdi.

Hususan-da, gürrüň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gyrgyzystana ibermegiň tehniki, guramaçylyk meselelerini we beýleki wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şunlukda, üstaşyr ýurt bilen ylalaşyk boýunça zerur bolan ýagdaýynda üçtaraplaýyn bilermenler duşuşygy guramagyň maksadalaýyklygy bellenildi.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Biziň ýurtlarymyzyň bilelikdäki tagallalary kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek boýunça baş maksadyň amala aşyrylmagyna gönükdirilmelidir. Ol Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar ulag ulgamlarynyň birleşmegini üpjün eder diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan Hazar deňzine çykalgasy bilen ýurtlarymyzy baglaşdyrýan ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.

Döwlet Baştutany 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda goňşy ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýa sebitinde Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň möhüm guşaklygyny döretmekde Hazar sebitine möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Sebitiň dünýä ummanyna açyk çykalgasy bolmadyk döwletler üçin öz eksport harytlaryny Ýewropa, Russiýa, Kawkaz ýurtlaryna, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ibermegini üpjün edýän Hazaryň gündogar deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly güýjünde ulanmaklaryny zerur hasaplaýaryn diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunlukda, Türkmenistan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde Gyrgyzystanyň bähbidine ulanmak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenilişi ýaly, «Taraplar ýangyç-energetika pudagynda ýurtlaryň arasynda kooperasiýany güýçlendirmegi ylalaşdylar we degişli düzümlere Türkmenistandan tebigy gazy, elektrik energiýasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazy Gyrgyz Respublikasyna ibermek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdylar».

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993