Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady diýip, Interfaks RF-niň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

«Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş babatda özara hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy» diýlip habarda aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň bu gün ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Öň, Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

«Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, sebit we halkara işlerde möhüm orun eýeleýär. Biziň döwletlerimiziň arasynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris.»

«Bilelikdäki tagallalarymyz bilen hemme ugurlarda özara bähbitli rus-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir» diýlip hatda aýdylýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993