Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has ýokary derejelere çykarmaga taýýar

Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has ýokary derejelere çykarmaga taýýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap iberen hatynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga taýýarlygyny mälim etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurduňyz düýpli özgertmeleri geçirmekde, ösüş we abadançylyk babatynda uly üstünlikler gazandy. Hytaý tarapy bu üstünliklere ýokary baha berýär» diýip, Si Szinpin belleýär.

« Geljek ýylda ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellär. Hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns bermek bilen, Siz bilen bilelikde iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin tagallalarymyzy birikdirmäge taýýardyrys» - diýlip hatda aýdylýar.

«Häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär, syýasy taýdan özara ynam, netijeli işewürlik hyzmatdaşlygy hem-de halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Iki ýurduň halklary özara goldaw ruhunda pandemiýa garşy bilelikde göreş alyp barýar, däp bolan dostluk pugtalandyrylýar» - diýlip hatda aýdylýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993