Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar

Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly shbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy diýip, Interfaks-Gazagystan gazak Lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

«Ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyga amalyýetde itergi bermek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi şu ýyl Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Onuň çäklerinde birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu ýylyň güýzünde Aşgabatda VI Hazar sammitine gatnaşmaga taýýarlygyny mälim etdi» diýlip habarda aýdylýar.

Mundan başga-da, taraplar Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler barada pikir alyşdylar. «Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek barada Gurbanguly Berdimuhaemdowyň başlangyjyny goldady» - diýlip habarda aýdylýar.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Belläp geçsek, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Belarusuň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary gutladylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993