Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de köpugurly işinde ajaýyp üstünlikler arzuw etdi.

Türkmen Lideri gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Bitarap Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdelerini köp mukdarda öndürýän döwletleriň biri bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Myhman türkmen Liderini “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan giň gerimli işi hem-de bilelikdäki taslamalary ilerletmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, russiýaly hyzmatdaşlaryň mundan beýläk hem öz üstüne alan borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993