BTJ turbageçirijisi boýunça üç ýylda 20,7 mln tonna türkmen nebiti üstaşyr geçirildi

BTJ turbageçirijisi boýunça üç ýylda 20,7 mln tonna türkmen nebiti üstaşyr geçirildi

Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi soňky üç ýylda 20 million 700 müň tonna golaý türkmen nebitini we nebit önümlerini dünýä bazarlaryna çykardy. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) energetika ministrleriniň ýakynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren 4-nji ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.

YHG-nyň Energetika ministrleriniň ýygnagyna gurama agza bolan – Eýran, Türkiýe, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Owganystan we Azerbaýjan ýaly döwletleriň we birnäçe halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Ministr Şahbazow Günorta gaz geçelgesiniň sebitiň energiýa üpjünçiligindäki ornuna ünsi çekip, şu ýyl TANAP arkaly tebigy gazyň türk sarp edijilerine 2 milliard 500 million kub metriniň iberilendigini aýtdy. Ol şeýle hem TAP arkaly tebigy gazyň Ýewropaly sarp edijilere 2 milliard 800 million kub metriniň iberilendigini belledi.

Maslahatyň netijelerine görä, resmiler YHG-nyň çäginde energiýa hyzmatdaşlygyny ilerletmek maksady bilen Baku Jarnamasyny kabul etdiler. Bu resminama, YHG agza ýurtlaryň arasynda nebit, tebigy gaz, nebithimiýa we nebit önümleri bilen üpjün etmek, elektrik ulgamlaryny, sebitdäki elektrik energiýanyň  söwdasyny, arassa energiýa çeşmelerini, energiýa netijeliligini ösdürmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde arassa energiýa ulanylyşyna geçmegi maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993