2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Bileleşiginiň 27 sany döwleti Türkmenistandan 41,1 mln ýewrolyk nebit we nebit ýaglaryny satyn aldylar. Bu barada Trend agentligi Ýewropa statistiki agentligine salgylanyp habar berýär.
2020-nji ýylda ÝB döwletleri tarapyndan 194,5 mln ýewrolyk türkmen nebit önümleri satyn alyndy. Hususan-da, bellenilişi ýaly, geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ÝB ýurtlary Türkmenistandan 270 müň 900 tonna nebit, nebit önümlerini we ýaglaryny import etdiler.