Daşoguz welaýatynda ýerasty suwlary gözlemek boýunça işler dowam etdirilýär

Daşoguz welaýatynda ýerasty suwlary gözlemek boýunça işler dowam etdirilýär

2021-nji ýylyň bäş aýynyň dowamynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri ilatly nokatlary ýeterlik suw bilen üpjün etmek maksady bilen ýerasty suwlary gözlemek, olaryň ätiýaçlyklaryny anyklamak, şeýle hem guýulary ulanmak boýunça iri möçberli işleri geçirdiler.

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda iş meýilnamasy 129,69% ýerine ýetirildi. Gubadag, Boldumsaz, Akdepe, Gurbansoltan eje adyndaky etraplarda ýerasty suwlary düýpli seljermek boýunça işler üstünlikli ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda welaýatyň çäklerinde ýerasty suwlary, suwly plastlary öwrenmek, olaryň ätiýaçlyklaryny anyklamak boýunça buraw we ylmy-gözleg işleri geçirilýär. Ýakynda Ruhubelent etrabynda we S.Nyýazow adyndaky etrapda ekspedisiýanyň hünärmenleri tarapyndan 1:50000 ölçegde geoekologiýa suraty düşürildi. Bu suratlar agyz suwunyň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda gözleg brigadalary Was, Şasenem, şeýle hem uzakkdaky ilatly nokatlarda gözleg-barlag işlerini dowam edýärler, welaýatyň çäginde agyz suwunyň çeşmeleriniň düzümini, hilini, gurluşyny we ulanmak mümkinçiligini öwrenýärler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993