Gubadag-Daşoguz awtommobil ýolunyň gündogar böleginde düýpli abatlaýyş işleri geçirilen №170 awtoulaglara ýangyç guýujy bekedi ulanyşa girizildi. Düýpli abatlaýyş işlerini TNGIZT-niň «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň Daşoguz welaýatynyň gurluşyk-gurnama hojalyk müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
AÝGB ulaglaryň ýygy-ýygydan geçýän böleginde ýerleşýär, bu bolsa onuň sürüjiler üçin zerurlygyny has-da artdyrýar. Gysga wagtyň içinde beket dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän häzirki zaman AÝGB öwrüldi. Müşderilere bu ýerde ýangyjyň ähli görnüşleri hödürlenilýär. Birbada birnäçe awtoulaga bu ýerden ýangyç guýup bolýar. Şeýle hem bu ýerde 25 kub metr sygymly täze birnäçe metal gurluşlar oturdyldy.
Benzin, dizel ýangyjy — ählisi ýokary hilli. AÝGB-de oturdylan enjamlar dolulygyna kompýuterleşdirildi. Bir günde täze beket 600-e çenli awtomobile hyzmat etmäge ukyply. Müşderileriň tölegleri nagt hem nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
Beketde ýangyn söndürmek üçin ähli zerur enjamlar bar. AÝGB-niň işgärleri yzygiderli lukman gözegçiliginden geçirilýär we ýangyç bilen işlemek boýunça howpsuzlyk gözükdirmelerini alýar.