Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen şenbe güni geçiren telefon arkaly gepleşiginde ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdy. Ministrler şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Üç ýurduň Liderleriniň duşuşygynyň möhüm ähiýeti dogrusynda şeýle hem Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde hem bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmenistana boljak saparyna görülýän taýýarlyga aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde birnäçe ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň şu ýyl Türkmenistana meýilleşdirilýän sapary barada onuň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda hem bellenilip geçilýär.