Türkmenistan ýangyç-energetika ulgamynda daşary ýurt maýadarlary bilen gepleşikleri geçirýär

Türkmenistan ýangyç-energetika ulgamynda daşary ýurt maýadarlary bilen gepleşikleri geçirýär

Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça iri daşaryýurt kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow habar berdi.

Şol sanda wise-premýer “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen ýurdumyzda ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijileriň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen geçirilýän gepleşikler oňyn netijesini berýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik düzümlerine täzeçil tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişli bolmalydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, toplumda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen gepleşikleriň geçirilmelidigini, olaryň netijeleri boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi we hödürlenen teklibi makullap, nebitgaz senagaty boýunça oňyn tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen bu ugur boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993