Hazaryň azerbaýjan böleginde läbik wulkanyň partlamasy bolup geçdi

Hazaryň azerbaýjan böleginde läbik wulkanyň partlamasy bolup geçdi

Hazar deňziniň azerbaýjan böleginde Alýat şhärçesiniň golaýynda partlama bolup geçdi. Bu barada Interfaks ýerli seýsmiki merkeze salgylanyp habar berdi. Ýekşenbe güni agşam bolup geçen partlamanyň sebäbi hökmünde seýsmiki merkeziň dikretory Gurban Ýetirmişli läbik wulkanynyň partlamasy diýip belledi.

«Gury ýerde wulkan partlamasy bolup geçende howa uçgunyň belli bir bölegi zyňylýar, soňra wulkan läbik akymy bilen akyp başlaýar. Edil deňizde hem şular ýaly ýagdaý bolup geçýär, ýöne bu ýagdaýda suw gatlagy zerarly biz läbigi görüp bilmeýäris» - diýip ol düşündirdi.

Ýetirmişli läbik wukanlarynyň uçguny uzak bolmadyk wagt dowamlylygynda — çen bilen 10-20 sekunt dowamlylykda bolýandygyny belledi.

SOCAR nebit kompaniýasynyň çäreleri guramak we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Ibragim Ahmedow bolup geçen wakanyň kompaniýa dahylynyň ýokdugyny belledi. Ol «SOCAR kompaniýasynyň gönüden-göni eýeçiliginde bolan deňiz platformalarynyň we senagat desgalarynyň kadaly tertipde işleýändigini, olarda adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmandygyny» belledi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993