Türkmenistanda Garabogazköl aýlagynyň üstünden köpri gurlar

Türkmenistanda Garabogazköl aýlagynyň üstünden köpri gurlar

Türkmenistanda Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan ediler. Degişli tabşyrygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşlygynyň barşynda berdi.

Garabogazköl aýlagynyň ini 200 metr bolup, ol adybir aýlagy Hazar deňzi bilen birleşdirýär.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köpriniň hem-de oňa barýan ýoluň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Köprä barýan ýol ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna biriger. Bu köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993