«Türkmengaz» poliwinilasetatyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

«Türkmengaz» poliwinilasetatyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetatyň önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu kärhany «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça bäsleşik Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazetiniň elektron saýtynda neşir edildi.

Taslamany «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, önümi paýlaşmak şerti bilen göni maýa goýumlarynyň esasynda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Poliwinilasetatyň ulanylyşynyň esasy ugry poliwinilasetat ýeliminiň (PWA kleý), suw emulsion we akril boýaglarynyň önümçiligi, şeýle hem poliwinil spirtini we poliwinilasetallary öndürmek bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993