“Türkmengaz” döwlet konserni «Galkynyş» käninde gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Munuň üçin ygtyýar berýän degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Kararyň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, şertnama boýunça hasaplaşyklary HHR-e tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Öň, bu desgalaryň gurluşygy Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil & Gas FZE” kompaniýasy tarapyndan başlanyp, doly tamamlanmandy. Hytaý kompaniýasy bu işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirer.