Poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna halkara bäsleşik yglan edildi

Poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna halkara bäsleşik yglan edildi

«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak hem-de gurmak barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň teksti «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Bäsleşige laýyklykda, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, önümi paýlaşmak şerti bilen göni maýa goýumlarynyň esasynda zawody gurmak göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär. Arzalar bäsleşigiň gazetde neşir edilen gününden 30 günüň dowamynda kabul edilýär.

Poliwinilasetatyň esasy ulanylýan ulgamy poliwinilasetat ýeliminiň (PWA) önümçiligi bolup durýar. Şeýle hem onuň esasynda akril we suwemulsion boýaglar taýýarlanylýar, ol şeýle hem poliwinil spirtini we poliwinilasetat öndürmekde ulanylýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993