Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň bahasy 3 million 123 müň dollardan gowrak boldy

Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň bahasy 3 million 123 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Kipriň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň işewürlerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri float aýnasyny satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 123 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 4 million 635 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993