«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň nebitçileri Uzynada ýatagynyň baý känlerini özleşdirmek boýunç giň gerimli işleri ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan işleri ýatagyň çig mal binýadyny netijeli ulanmaklyga, şeýle hem uglewodorod çig malynyň täze çeşmelerini ýüze çykarmaklyga gönükdirilendir.
Ýakynda müdirligiň nebitçileri guýularyň alty sany has çuň plastlaryny işläp taýýarladylar, şolardan nebitiň senagat akymy alyndy.
Netijede müdirligiň esasy önümçilik görkezijileri artýar. Şeýlelikde, şu ýylyň birinji ýarymynda hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 200 müň tonna barabar boldy, ol bellenilen meýilnamadan 12 müň tonna köpdür. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende müdirlik boýunça nebit çykarylyşynyň artdyrylmagy 114%-e barabar boldy.
Müdirligiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň nebitgaz känlerini özleşdirmek boýunça baý tejribe toplanyldy. Önümçilikde döwrebap tehnikalaryň we tehnologiýalaryň ulanylmagy nebitçilere uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny yzygiderli we netijeli artdyrmaga mümkinçilik berýär.