Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Ulag we energetika ulgamlary hem, gürrüňsiz, häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr, diýip türkmen Lideri belledi.