«Nebitgaznebit»: gaýtadan dikeldilen guýular «gara altynyň» senagat akymyny berdi

«Nebitgaznebit»: gaýtadan dikeldilen guýular «gara altynyň» senagat akymyny berdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgaznebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň abatlaýyş brigadalary öndürijiligini peselden guýularda abatlaýyş-dikeldiş işlerini üstünlikli ýerine ýetirýärler we olary ulanyşa tabşyrýarlar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň başyndan bäri ýedi aý üçin önümçilik meýilnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe kärhana boýunça 86 guýy dikeldildi, şolardan nebit çig malynyň täze senagat akymy alyndy.

Gaýtadan ulanyşa girizilen guýulardan goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 24 müň 197 tonna barabar boldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993