Türkmenistanyň döwlet düzümleri Owganystan bilen döwlet serhetleriniň goragy boýunça «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen gatnaşyklary saklaýarlar

Türkmenistanyň döwlet düzümleri Owganystan bilen döwlet serhetleriniň goragy boýunça «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen gatnaşyklary saklaýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar.

Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlary adaty tertipde işleýärler we taraplaryň ikisi tarapyndan kesgitlenen tertipde awtomobil tirkegleriniň hem-de demirýol wagonlarynyň zerur bolan mukdarynyň geçirilmegini üpjün edýärler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993