Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy we Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler — DIM

Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy we Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler — DIM

Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Şunlukda ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar.

Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyklykda öz üstlerine ýüklenilen wezipelerini doly göwrümde ýerine ýetirýärler.

Diplomatik wekilhananyň hem-de konsullyk edaralarynyň işgär sanynyň azaldylmagy ýa-da hünärmenleriň bölekleýin ýurtdan çykarylmagy amala aşyrylmady.

DIM-niň Metbugat gullugy şeýle hem 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerifdäki we Hyratdaky Baş konsullarynyň «Таliban» hereketiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda we günbatar böleginde öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilip geçildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993