Türkmenistan daşary ýurtlaryň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
«Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir» - diýlip habarda bellenilýär.