Ýaşyldepe käninden ýedi aýda 82 müň tonna nebit çykaryldy

Ýaşyldepe käninden ýedi aýda 82 müň tonna nebit çykaryldy

Uglewodorod çig malyna baý bolan Balkan welaýatynyň känlerinde nebit işlerini alyp barýan «Ýaşyldepe» nebitgazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýokary görkezijileri gazanýarlar.

Şu ýylyň ýedi aýynda müdirligiň hünärmenleri öňdebaryjy enjamlary ulanmak arkaly ýerastyndan 82 müň 62 tonna «gara altyn» çykardylar.

Geçen döwürde önümçiligiň ösüş depginini artdyryp, nebitçilar häzirki wagtda zähmet görkezijilerini ýokarlandyrýarlar. Bu bolsa ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna mynasyp sowgat bolar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993