«Galkynyş» känindäki täze taslama — nebitgaz ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim — ilçi HHR

«Galkynyş» känindäki täze taslama — nebitgaz ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim — ilçi HHR

«Galkynyş» gaz käninde üç guýynyň gurluşygyna badalga berilmegi energetika ulgamynda döwletara türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädimi alamatlandyrýar. Bu barada HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen Mary welaýatynda täze taslamany iş girizmek dabarasynda belledi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berendigi bellenildi. Häzirki wagtda taraplar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny hem-de “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça resminamanyň esasynda çäreler geçirilýär. Şeýle hem ýakyn geljek bäş ýylda hyzmatdaşlygyň maksatnamasy bilelikde taýýarlanylýar.

— Bularyň ählisi strategik häsiýetli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täze itergi berer, ony has ýokary derejä çykarar hem-de iki ýurduň pajarlap ösmegine itergi berer — diýip ilçi belledi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir. Ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk oňyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. HHR-e türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün edýän gaz geçiriji işe girizilenden bäri, Hytaý 300 milliard kub metrden gowrak “mawy ýangyjy» import etdi hem-de Türkmenistandan tebigy gazy satyn almakda ilkinji orny saklap gelýär.

Hytaý tarapy türkmen tarapy bilen geljekde hem maýa goýumlary, söwda we beýleki ulgamlary öz gerimine alýan netijeli hyzmatdaşlyga, şeýle hem ýangyç-energetika ugry boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyr, munuň özi iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýär – diýip, diplomat aýtdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993