Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi bilen Owganystandaky ýagdaýy maslahatlaşdy

Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi bilen Owganystandaky ýagdaýy maslahatlaşdy

Owganystandaky ýagdaý we sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklap galmak maksady bilen sebit özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça mundan beýläkki hereketler penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen duşuşygynda maslahatlaşyldy. Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy sapar bilen Türkmenistana geldi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Döwlet Baştutanyna Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan tarapynyň ygrarlydygyny tassyklady.

Şol gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşygy geçirildi.

Taraplar iki döwleti dostluk we wagtyň synagyndan geçen gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi hem-de olaryň geljekde durmuşa ornaşdyrylmagynyň resmi Yslamabat tarapyndan goldanyljakdygy tassyklanyldy. 

Duşuşygyň barşynda daşary syýasy hyzmatdaşlyga we Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygy babatda Türkmenistanyň we Pakistanyň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň ozalky tejribeleriniň nazarda tutulmagy bilen, sebitleýin dialogyň döredilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Şunlukda türkmen tarapy Owganystan boýunça sebitleýin hereketleriň ösüş prosesiniň barşynda özüniň bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine berk ygrarlylygyny beýan etdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993