TOPH gaz geçirijisi tutuş sebite bähbit getirer, şol sanda üstaşyr geçirim üçin Owganystana 1 mlrd dollar getirer — Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy

TOPH gaz geçirijisi tutuş sebite bähbit getirer, şol sanda üstaşyr geçirim üçin Owganystana 1 mlrd dollar getirer — Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy tutuş sebite peýda getirer we bu taslama tamamlanandan soň Owganystanyň gaznasyna diňe üstaşyr töleglerden 1 milliard ABŞ dollar geler, bu barada Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi penşenbe güni aýtdy diýip, Pakistan neşiri Daily Times belleýär.

Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda bolan duşuşygyndan soň metbugat wekilleri bilen söhbetdeşliginde, bu taslamanyň üsti bilen 2 müň iş ornunyň döredilmegine garaşylýandygyny belledi.

Ýokary derejeli diplomat TOPH taslamasyny Türkmenistanyň Prezidenti bilen ara alyp maslahatlaşandygyny we Pakistanyň TOPH ýaly dürli taslamalar arkaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

Owganystandaky ýüze çykan islendik durnuksyzlyk Pakistana we beýleki goňşy döwletlere ýaramaz täsir eder diýip, Daşary işler ministri belledi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda onuň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar diýip, Kureşi sözüniň üstüni ýetirdi.

Öň, Hereketiň Katardaky syýasy edarasynyň resmi wekili Mohammad Suheýl Şahin «Taliban» hereketiniň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň we beýleki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993