«Serhetabat-Turgundy» türkmen-owgan GGN-dan geçirilýän ýükleriň göwrümi artdyrylar

«Serhetabat-Turgundy» türkmen-owgan GGN-dan geçirilýän ýükleriň göwrümi artdyrylar

Türkmen wekiliýeti sişenbe güni «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. «Serhetabat-Turgundy» GGN-nyň işiniň güýçlendirilmegi, hususan-da ondan geçirilýän ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, şeýle-de zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň üpjün edilmeginde degişli hemaýatlaryň berilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bilen bagly bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki meselelerine seredildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993