Owganystan sebitiň ösüşine ýardam edýän «Bir guşak, bir ýol» hytaý maksatnamasyny goldaýar — «Talibanyň» wekili

Owganystan sebitiň ösüşine ýardam edýän «Bir guşak, bir ýol» hytaý maksatnamasyny goldaýar — «Talibanyň» wekili

Owganystanda häkimiýet başyna geçen «Taliban» hereketi Hytaýy esasy halkara hyzmatdaşy hökmünde görýär diýip, hereketiň wekili Zabiulla Mujahid aýtdy. Bu barada Interfaks habar berýär.

«Hytaý biziň esasy hyzmatdaşymyz bolup durýar, ol biziň üçin binýatlaýyn mümkinçilikleri hödürläýar, çünki ol biziň ýurdumyza maýa goýmaga we ony dikeltmäge taýýar» -  diýip ol La Repubblica italýan gazetine interwýusynda aýtdy.

Mujahid Pekin tarapyndan durmuşa geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» maksatnamasy barada aýratyn belläp, onuň «gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge ýardam etjekdigini» belledi. Ol şeýle hem Hytaýyň Owganystanyň dag magdan senagatyny dikeltmäge hem ýardam etmegine umyt bildirdi.

«Hytaý biziň dünýä bazarlaryna çykalgamyzdyr» - diýip ol belledi.

Öň Hytaýyň DIM-i Hytaýyň daşary işler ministriniň kömekçisi U Szýaonyň «Taliban» hereketiniň Katardaky Syýasy edarasynyň direktorynyň orunbasary Abdula Salam Hanafi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirendigini belledi. U Szýao Owganystandaky ýagdaýlaryň düýpli üýtgemelere sezewar bolandygyny we «geljekki Owganystanyň ykbalynyň ýene-de owgan halkynyň elindedigini » belledi.

Hytaý diplomatynyň bellemegine görä, Pekin Owganystanyň garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, özbaşdaklygyny elmydama hormatlady we owgan halky babatda dostlukly syýasaty durmuşa geçirdi. Ol Owganystanyň «gysga wagtda parahatçyygy we durnuklylygy gazanyp, ajaýyp ýurdy dikeltjekdiklerine» ynam bildirdi.

Hanafi owgan häkimiýetleriniň «Bir guşak, bir ýol» hytaý maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlygy goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993